“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda 7-nji Halkara etnosport festiwalynda çykyş etdi

  • 24.05.2025 19:27
  • 13k+

2025-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi.

Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy. Çärede Türkmenistanyň wekiliýeti hökmünde türkmen medeniýetini we atçylyk sungatyny dünýä giňişligine şöhratlandyrýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary mynasyp çykyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu topar milli mirasymyzy ösdürmäge we dünýä ýaýmaga agramly goşandyny goşýar.
“Galkynyş” toparynyň agzalary at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmekde ýokary ussatlyk görkezip, türkmen milli geýimleri we sazly çykyşlary bilen tomaşaçylarda hem-de halkara myhmanlarda uly gyzyklanma we höwes döretdiler. Türkmenistandan ýörite getirilip görkezilen ahalteke atlary tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekdiler. Owadanlygy, çydamlylygy we özboluşly hereketleri bilen tanalýan bu meşhur atlar festiwalyň iň köp ünsüni çeken nyşanlarynyň birine öwrüldi.


şu gün 00:03
1.8k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......