Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýningi düzgünleşdirmek hakynda Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy

  • 24.05.2025 11:35
  • 7k+

Türkmenistanda wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu Kanunda
 umumy düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly tehnologiýalaryň hem-de sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän döwründe wirtual aktiwleriň dolanyşygyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we wise-premýere «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......