Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy

  • 21.05.2025 11:09
  • 7.3k+

Aprel aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby täze üstünligi hasaba aldy: Wýetnamyň asmanyna bir wagtyň özünde 10 518 kwadrokopter galyp, dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär.

Öňki rekord Hytaýa degişlidi – 2024-nji ýylda Şençžendäki dron şüweleňine 10 197 dron gatnaşdy. Rekordlaryň ikisi-de Damoda hytaý kompaniýasy tarapyndan goýuldy.
Wýetnamdaky şüweleň Günortanyň azat edilmeginiň we Milli birleşmäniň (1975-nji ýylyň 30-njy apreli) 50 ýyllygyna bagyşlandy. Ony daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň goldaw bermeginde Wýetnamyň Prowtech International Vina kompaniýasy maliýeleşdirdi. Tehniki bölegini dron ulanmak bilen yşyk şüweleňlerini guramakda öňdebaryjy hasaplanýan Damoda üpjün etdi.
Şüweleň Saigon Riverside Park-da geçdi. Asmanda dronlar dürli nagyşlary, şeýle-de ýurduň taryhyndan sahnalary döretdi. Şol bir wagtyň özünde, esasy şüweleň ýatyryldy, Ginnesiň rekordlar kitaby 28-nji aprelde geçen esasy taýýarlygyň netijesini hasaba aldy.
Çäräni ýatyrmagyň resmi sebäbi aýdylmaýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu mahabat elementleriniň bolmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Çykyş wagty dronlar asmanda mahabatly şekilleri görkezdi. Olary horeografiýany bozmazdan aýyrmak mümkin däl: şüweleň müňlerçe enjamyň üznüksiz hereketinden ybarat bolup, birnäçe gün galanda programma üýtgeşme girizmek tehniki taýdan kyn düşýär.
Kynçylyklara garamazdan, hünärmenler dronlar toparyny dolandyrmagyň kämilleşjekdigine we şüweleňiň geriminiň artjakdygyna ynanýar.


şu gün 00:07
718

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....