Alymlar kebelekleriň howada nädip gaýyp saklanyp bilýändiklerini düşündirdiler

  • 20.05.2025 14:40
  • 3.5k+

Beýhan uniwersitetiniň alymlary kebelekleriň uçuşyna gözegçilik edip, olaryň howada gülleriň depesinde nädip gaýyp durmagy başarýandyklaryny anykladylar. Bu açyş ýyladyşhanalarda ösümlikleri tozanlandyrmaga we barmasy kyn ýerlere girmäge ukyply mikrodronlary döretmekde gerekli bolup biler diýip, Science Daily habar berýär.

Barlag Pieris brassicae görnüşli kelem kebeleklerinde geçirildi. Alymlar mör-möjekleriň 3D modellerini döretmek üçin ýokary tizlikli kameralary we emeli aň ulgamyny ulandylar. Bu uçuşyň tizligini, ugruny we ganat kakylanda döreýän howa akymlaryny takyk hasaplamaga mümkinçilik berdi.
Fizikler ganatyň iki taýynyň hersiniň bir dürli ýelgin toplumyny döredýändigini, olaryň özara täsirleşiş häsiýetiniň kebelegiň göwresiniň haýsy tarapa we nähili görnüşde gyşaryşyna baglydygyny düşündirdi. Gülüň depesinde pelpelläp saklanan wagtynda ol göwresini gözýetime görä 90 gradus gyşardýar, bu bolsa oňa  güýjüni deňagramlaşdyrmaga we howada ganat kakyşyny iň az mukdara ýetirip saklanmaga kömek edýär.
Barlagçylaryň sözlerine görä, şeýle mehanizm beýleki mör-möjeklerde ýa-da guşlarda duş gelmeýär.


şu gün 08:07
4k+

Hytaýda içinde birje adam hem işlemeýän myhmanhana açylar

Hytaýyň Pudu Robotics kompaniýasy tutuşlygyna robotlar tarapyndan dolandyryljak we adam zähmetini talap etmejek täze bir myhmanhananyň gurluşygyny yglan etdi. Bu desganyň resmi taýdan açylmagy 2027-nji ýyla......

28.06.2026 20:31
4.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....