Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

  • 19.05.2025 22:42
  • 4.7k+

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler. Bu barada «WWD» habar berýär.

Brend Italiýanyň daşyndaky ýeke-täk kaşemir önümçilik desgasynyň ýerleşýän bu sebitinde maldarçylyk bilen biodürlüligiň howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Bäş ýyllyk maksatnamanyň çäginde, «Loro Piana» bu sebitde ilkinji saglyk merkezini döretmegi meýilleşdirýär. Bu merkezde lukmançylyk hyzmatlary berler we iri şahly mallara sanjym ediler.
Bu başlangyç BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasy, Durnukly süýümler bileleşigi we «Odyssey» gorag gaznasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Şeýle hem «Loro Piana» howp astyndaky ösümlikleri gorap saklamak we ösdürmek üçin tohum bankyny döreder.


06.04.2025 21:08
2.5k+

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden soň Milandaky esasy dükanyny açýar

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden Milanda (Italiýa) ýerleşýän flagman butigini açýar. Brend şähere, onuň dizaýn taryhyna we Lombardiýa sebitiniň arhitekturasyna hormat goýýar diýip, «WWD» habar berýär. Neoklassyky...

14.03.2025 06:00
5.2k+

Zaha Hadidiň binagärlik edarasy Neapolda Wezuwiýe meňzeş diňleri gurar

Ady rowaýata öwrülen Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects (ZHA) binagärlik edarasy Neapolyň gündogar çetinde gurmak üçin jübüt binanyň taslamasyny hödürledi. Polatdan we betondan gurulmaly...

31.01.2025 17:14
4.5k+

Prada we National Geographic modanyň ummanlardaky ýaşaýşa täsiri barada filmleri düşürdi

National Geographic Creative Works we Prada modalar öýi iňlis aktýory Benedikt Kamberbetçiň gatnaşmagynda gysga metražly filmlerini surata düşürdi. Wideolarda adam işjeňliginiň deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamaga...

29.01.2025 15:44
2.2k+

Italiýanyň hökümeti moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berer

Italiýanyň hökümeti zawodlaryň köpçülikleýin ýapylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berýändigini yglan etdi. Maliýe serişdeleri kompaniýalaryň durnuklylygyny üpjün etmek...