Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden soň Milandaky esasy dükanyny açýar

  • 06.04.2025 21:08
  • 2.8k+

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden Milanda (Italiýa) ýerleşýän flagman butigini açýar. Brend şähere, onuň dizaýn taryhyna we Lombardiýa sebitiniň arhitekturasyna hormat goýýar diýip, «WWD» habar berýär.

Neoklassyky äheňdäki «Palazzo Taverna» binasynda ýerleşýän giň dükan Montenapoleone köçesinde ýerleşýär. Onuň arhitektory Piter Marino boldy. Binada ilkinji gezek täze Louis Vuitton Home kolleksiýasy Milan Design Week we Salone del Mobile çäresiniň çäklerinde görkeziler. Bu çäre 13-nji aprele çenli dowam eder.
Brendiň şol bir binada açan restorany Italiýadaky ilkinji restorany boldy. Louis Vuitton ony üç Mişlen ýyldyzy bolan Da Vittorio bilen hyzmatdaşlykda döretdi.






25.02.2026 08:47
2k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...

13.02.2026 16:17
2.3k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

06.02.2026 19:41
3.5k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...