Prada we National Geographic modanyň ummanlardaky ýaşaýşa täsiri barada filmleri düşürdi

  • 31.01.2025 17:14
  • 4.8k+

National Geographic Creative Works we Prada modalar öýi iňlis aktýory Benedikt Kamberbetçiň gatnaşmagynda gysga metražly filmlerini surata düşürdi. Wideolarda adam işjeňliginiň deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamaga edýän täsiri barada aýdylýar. Film Norwegiýanyň Budýo şäherinde surata düşürildi.

Şeýle hem filmlerde modanyň daşky gurşawyň oňyn üýtgemegine nähili goşant goşup biljekdigi öwrenilýär.
Taslamanyň täze sany kit ýaly umman süýdemdirijileriniň aragatnaşyk we nawigasiýa üçin sesleri nähili ulanýandyklary barada gürrüň berýär. Barlaglar kitleriň maýyl ediji aýdymlarynyň ummanyň tutuş basseýnlerinden geçip, uzak aralyklara gidip bilýändigini görkezýär.

Prada Re-Naýlon kolleksiýasy arkaly ummany goramak boýunça başlangyçlary goldaýar. Kolleksiýa üçin önümler ummanlardan we zir-zibil dökülýän ýerlerden tapylan gaýtadan işlenen materiallardan, şol sanda plasmassadan ýasalýar. Olaryň satuwyndan alnan girdejiniň 1% -i ummany öwreniş we tebigaty goramak meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrýan Sea Beyond bilim beriş maksatnamasyna gönükdirilýär. Bu maksatnama YUNESKO-nyň hökümetara ummany öwreniş  topary bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.
Taslamanyň işine aktrisa Sedi Sink, ummany goramagyň üstünde işleýän alymlar we aktiwistler hem gatnaşýarlar.


düýn 15:28
2.2k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...