Ady rowaýata öwrülen Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects (ZHA) binagärlik edarasy Neapolyň gündogar çetinde gurmak üçin jübüt binanyň taslamasyny hödürledi. Polatdan we betondan gurulmaly binalaryň şekili şäherden 10 km uzaklykda ýerleşýän Wezuwiý dagynyň suduryndan ylham alýar.
Bu pikir Napoli Porta Est taslamasynyň çäginde 30 gektar taşlanan senagat meýdanyny janlandyrmak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Gökdirän binalar ýyladyşhanalaryň we dükanlaryň ýerleşdiriljek uzyn stilobatyndan ýokarlygyna uzap gider. Gapdalynda seýilgäh peýda bolar.
Bu toplumda Kampaniýa sebitiniň administrasiýasy ýerleşer we energiýa sarp edilişi bölekleýin Gün panelleri (7 müň m²) we geotermiki energiýa (ýagny Ýeriň tebigy ýylylygyndan alynýan energiýa) bilen ýapylar. ZHA ikinjisiniň nähili ulanyljakdygy barada entek maglumat bermedi.
Binalaryň üçegine gök agaçlar oturdylar we ösümlikleri suwarmak üçin galyndy suwlar ulanylar. Taslamanyň beýanynda: “Fasadyň dizaýny günüň dowamynda Günüň hereketini göz öňünde tutýar: tebigy ýagtylygyň binanyň içine düşmegi we görünişini gowulandyrmagy üçin demirgazyk tarapdaky aýnajaýlaryň aňrybaş giň açylandygyny, şol bir wagtyň özünde energiýa sarp edilişini azaltmak üçin binanyň beýleki tarapdaky fasadlarynyň penjirelerine göni Gün şöhlesiniň düşüşişi iň pes derejä çenli kemeldilendigini" aýdylýar.
Gurluşygyň başlanmaly we tamamlanmaly senesi entek yglan edilmedi. Ýöne renderler toplumyň gurluşygy tamamlansa, onuň Neapolyň binagärlik gymmatlyklaryndan birine öwrülip biljekdigini görkezýär.