Italiýanyň hökümeti moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berer

  • 29.01.2025 15:44
  • 2.2k+

Italiýanyň hökümeti zawodlaryň köpçülikleýin ýapylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolan moda pudagyny goldamak üçin 250 million ýewro bölüp berýändigini yglan etdi. Maliýe serişdeleri kompaniýalaryň durnuklylygyny üpjün etmek üçin ulanylar diýip, Ykdysady ösüş ministri Adolfo Urso aýtdy.

WWD-niň maglumatlaryna görä, maliýe kömegi kompaniýalaryň ösüşini höweslendirmek üçin “anyk gurallaryň” üsti bilen berler. Camera Moda birleşiginiň prezidenti Karlo Kapasa maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegini "peýdaly, ýöne aýgytly ädim däl" diýip atlandyrdy we has giň möçberli goldawyň zerurdygyny nygtady.
Italiýada moda pudagy 2023-nji ýylyň ýazyndan bäri pese gaçyşlygy başdan geçirýär. Toskana we Marke ýaly esasy sebitler sargytlaryň ýatyrylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 2024-nji ýylda ýagdaý ýaramazlaşdy, ýylyň ilkinji aýlarynda diňe Toskananyň özünde 300-den gowrak kompaniýa işlemegini bes etdi. Mysal üçin, Bally brendi deri önümleri fabrigini ýapdy.


19.05.2025 22:42
4.8k+

Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler...

06.04.2025 21:08
2.5k+

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden soň Milandaky esasy dükanyny açýar

Louis Vuitton abatlaýyş işlerinden Milanda (Italiýa) ýerleşýän flagman butigini açýar. Brend şähere, onuň dizaýn taryhyna we Lombardiýa sebitiniň arhitekturasyna hormat goýýar diýip, «WWD» habar berýär. Neoklassyky...

14.03.2025 06:00
5.2k+

Zaha Hadidiň binagärlik edarasy Neapolda Wezuwiýe meňzeş diňleri gurar

Ady rowaýata öwrülen Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects (ZHA) binagärlik edarasy Neapolyň gündogar çetinde gurmak üçin jübüt binanyň taslamasyny hödürledi. Polatdan we betondan gurulmaly...

26.05.2024 20:34
7.7k+

Italiýa Yzzat Gylyjowyň gözi bilen: suratkeşiň Italiýa bagyşlanan eserleriniň sergisi geçirilýär

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň eserleriniň sergisi açyldy we türkmen suratkeşiniň Italiýa eden sapary wagtynda alan täsirleri barada gürrüň berildi. Bu barada...