Garwardda demokratiýanyň düýbüni tutan ilkinji resminamalaryň biri ýüze çykaryldy

  • 19.05.2025 17:17
  • 2.4k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Garwardyň hukuk mekdebiniň kitaphanasynda 80 ýyl saklanan we Azatlyklaryň beýik hartiýasynyň nusgasy hasaplanyp gelen golýazmanyň asyl nusgadygy kesgitlenildi. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Bu resminama 1946-njy ýylda hukuk mekdebi tarapyndan 27 dollara satyn alnypdyr. Onuň gelip çykyşy näbelli bolmagynda galansoň, nepis göçürme hasaplanypdyr.
Golýazmanyň hakykydygyny Londonyň Patyşalyk kollejiniň orta asyr taryhy boýunça professory Dewid Karpenter tassyklady. Ol resminama Garwardyň onlaýn ýygyndysynda duş geldi we ol 1300-nji ýylda korol Eduard I tarapyndan çykarylan ýedi hartiýanyň biridir diýip çaklady. Resminamanyň hakykylygyny barlamak üçin ol Gündogar Angliýa uniwersitetindäki kärdeşi bilen birnäçe synaglary geçirdi.
Onuň pikirine görä, bu düzgünnama 1300-nji ýylda Kambriýadaky Applbi şäheriniň öňki mejlis etrabyna berlipdir. Bu göçürme häzirki wagtda dünýäniň iň gymmatly golýazmalarynyň biri diýlip atlandyrylýar.
Azatlyklaryň beýik hartiýasy Angliýada 1215-nji ýylda kabul edildi. Ol monarhyň ygtyýaryny çäklendirýärdi we asylzadalaryň we erkin adamlaryň hukuklaryny berkidýärdi. Bu resminama demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüş taryhynda ilkinji we iň möhüm namalaryň biri hasaplanýar.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......