Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktoryny kabul etdi

  • 18.05.2025 14:36
  • 5.6k+

17-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýagy kabul etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.
Aziýanyň ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň makullan 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt hyzmatdaşlyk strategiýasy bellärliklidir. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esas goýujy resminamasy bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Bu strategiýa üç ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine alýar. Olar howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge ýardam bermekden; diwersifikasiýa arkaly bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirmekden, hususy telekeçiligi we adam maýasyny ösdürmekden; şeýle hem düzümleýin özgerişlere we institusional ösüşlere ýardam bermekden ybaratdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümetiniň bu strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Häzirki döwre çenli bu maliýe düzüminiň gönüden-göni gatnaşmagynda Türkmenistanda energiýa we demir ýol pudaklarynda iki sany taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini bellemek gerek.
Mundan başga-da, Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömek berýändigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyz ykdysadyýeti kämilleşdirmek we senagatlaşdyrmak, maýa goýumlaryny işjeň çekmek, eksport üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça alyp barýan ugruny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.


düýn 20:55
1.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......