Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy

  • 18.05.2025 09:06
  • 6.3k+

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24–25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly halkara sergisi we maslahatyny geçiriler. Bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Annamämmedow 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, halkara sergä we maslahata ýerli we daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň edara-kärhanalary, telekeçileri we işewürleri gatnaşarlar. Onda paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi hem-de milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Munuň özi häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmaga, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.
Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli gurluşyk we senagat toplumynyň tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasyny we beýleki medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......