ABŞ-da polatdan 10 esse berk bolan agaç döredildi

  • 17.05.2025 14:47
  • 7.3k+

Merilendden InventWood amerikan kompaniýasy Superwood ady bilen täze gurluşyk materialyny hödürledi. Ol tebigy agajyň häsiýetlerini saklaýar, ýöne şol bir wagtyň özünde berkligiň agrama gatnaşygy boýunça polatdan 10 esse berk diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, material adaty agaçdan 10 esse berk we gatydyr. Ol oda, suwa çydamly we çüýremäge hem-de zyýankeşlere garşy durnukly.
Bu işläp taýýarlama agaç modifikasiýasy ugrunda alnyp barlan ylmy gözlegleriň netijesinde mümkin boldy. Tehnologiýa Merilend uniwersitetiniň professory Lýanbin Hu ýolbaşçylyk etdi. Onuň topary agaçdan bellibir öýjük komponentlerini aýryp, onuň gurluşyny üýtgetdi we ýörite bejergileri ulandy.


Netijede, agajyň daşky görnüşini we ýylylygyny saklaýan, ýöne has gowy ulanylyş aýratynlyklaryna eýe bolan berk kompozit alyndy.
Kompaniýa eýýäm 50 mln dollar maýa goýumy özüne çekdi. Bu serişdeler Frederikde (Merilend ştaty) önümçilige başlamaga gönükdiriler. Ilkinji täjirçilik üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde meýilleşdirilýär.
Ekolog Pol Hokeniň pikiriçe, Superwood – bu “gurluşygyň geljegini üýtgedip biljek hakyky öňegidişlik”. Material gurluşykda, awiasiýada we awtomobil gurluşygynda, şeýle-de mebel önümçiliginde ulanylyp bilner.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

09.06.2026 23:32
4.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......