III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler

  • 17.05.2025 11:51
  • 5.1k+

2025-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde III Halkara Bişkek kinofestiwaly geçiriler. Bu çärä beýleki ýurtlar bilen birlikde türkmenistanly kinematograflar hem gatnaşar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleri boýunça bäsleşik maksatnamasyna Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň esasynda düşürilen adybir çeper film girizildi. Filmi “Oguzhan” adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň režissýory Hekim Alowow döretdi.
Filmiň wakalarynyň merkezinde — köçeşkli düýesini Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyna çalşan Welmyrat aga durýar. Ol bu maşgala gymmatlygyny hiç hili pula satmakdan ýüz öwürýär.
“Kitap” filminiň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen IV Gorkut ata türki dünýäsiniň halkara kinofestiwalynda bolup geçdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň maý aýynda Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen II “Turan” halkara kinofestiwalynda film baýrak bilen sylaglandy.
Bişkek kinofestiwaly ilkinji gezek 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilipdi. Ol Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanypdy. Şonda festiwalyň çäginde Türkiýe kino hepdeligi, Aýtmatow forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleriniň görkezilişleri, şeýle hem milli we halkara bäsleşikler guralypdy. Şu ýylky çäre hem sebitiň kinematografiýasy bilen tomaşaçylary tanyşdyrmagy dowam eder.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 22:19
3.5k+

Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....