Türkmenistanyň Prezidenti BAE-den gelen wekiliýeti kabul etdi

  • 15.05.2025 10:38
  • 2k+

14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler arkaly has-da berkidilýär.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň «ADNOC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem soňky ýyllarda Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......