Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi

  • 10.05.2025 13:31
  • 7.7k+

9-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan abatlaýyş we rejeleýiş işleri batly depginde dowam edýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza toplumyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli binalaryň, oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, ýapyk manežiň şekilleri görkezildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, ýerine ýetirilýän işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Bu ýerde amala aşyrylmaly işler Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” kompaniýasyna ynanyldy.
“Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekili Rejep Akçy bu ýerde alnyp barylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz degişli işleriň toplumyň ähmiýetine laýyk derejede amala aşyrylmalydygyny belledi. Paýhasly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyzdyr. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, atlaryň çapuw ýodasyna Garagum sährasynyň ylmy esasda kesgitlenen künjekleriniň çägesiniň düşelmeginiň ähmiýetli hasaplanýandygyny belledi. Ähli gurluşyk işlerine, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, toplumyň enjamlaşdyrylyşyna, çapuw ýodalarynyň kada laýyk bolmagyna jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidir.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....