Gurbanguly Berdimuhamedow uruş weteranlary bilen söhbetdeş boldy we olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady

  • 09.05.2025 16:39
  • 29k+

9-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken merdana weteranlaryň ýanyna baryp olar bilen hal-ahwal soraşdy hem-de olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşuly nesliň wekilleriniň, şol sanda gazaply urşuň kynçylyklaryny gözi bilen gören mährem eneleriň geçen durmuş ýolunyň häzirki nesiller üçin nusgalyk mekdepdigini belledi.
Olaryň bitiren hyzmatlary, söweşjeň ýoly bagtyýar nesilleriň kalplarynda müdimi ýaşaýar. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň edermenliginiň, watansöýüjiliginiň döwürler we nesilleri baglanyşdyrýandygynyň aýdyň beýanydyr. 
Köp kynçylyklary görüp, eşretli zamanada ýaşamak bagta miýesser eden weteranlar hemmetaraplaýyn üns alada bilen gurşalandygy, şeýle hem şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanynyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylandygy üçin hem-de gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we hemmeleri şanly sene bilen gutladylar diýip, TDH habar berýär.


şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......