Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary hatyralandy

  • 09.05.2025 15:29
  • 4.5k+

9-njy maýda Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilip geçilýär. Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňiş baýramy mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda eziz Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyzyň örän uly goşant goşýandyklary barada aýdylýar.
Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ýüzden gowrak watandaşlarymyz Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Müňlerçe türkmenistanlylar söweş ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň we belent adamkärçiligiň nusgasydyr. 
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen günleri ýurdumyz we halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli waka beslendi. Şol gün Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin paýtagtymyza gelipdi. Bu şanly waka Beýik Watançylyk urşunyň ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynanyşmagyň we dostluk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany boldy. 


şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......