Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

  • 09.05.2025 10:53
  • 2.9k+

5-7 maýda aralygynda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.G.Atajanow), Azerbaýjanyň (wekiliýetiň başlygy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystanyň (wekiliýetiň başlygy – Z.A.Amanjolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.I.Petrakow) wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň başlygy M.I.Petrakow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde taraplar Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn berdiler hem-de  Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredip geçdiler.
Wekiliýet agzalary gepleşikleriň netijelerine oňyn baha berdiler we mejlisi ýokary derejede gurandygy üçin Russiýa Federasiýasyna minnetdarlyk bildirdiler.
Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň indiki mejlisi Türkmenistanda diplomatik ýollar arkaly ylalaşylan senelerde geçiriler.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......