Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi

  • 09.05.2025 10:49
  • 5k+

8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygy we wise-premýerler şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanýandygyny aýtdy. Türkmenistanda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär. Döwlet Baştutany ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda uly baýramyň — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gahrymanlarymyzy hatyralap gül goýmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......