Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi

  • 08.05.2025 16:57
  • 20k+

Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi internet sahypasynda maglumat paýlaşdy.

Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar. Bu çäre pasport gözegçilik amallaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilýär.

«Ýolagçylara Koreýa Respublikasyna sapar bilen barmazdan üç gün öň elektron sapar kartasyny doldurmagy maslahat berýäris, bu pasport gözegçiliklerinde bökdençlikleriň öňüni alar» diýlip, awiakompaniýanyň habarynda bellenilýär.

Belläp geçsek, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawlaryny ýola goýjakdygyny habar berdi.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......