BYD aprel aýynda Tesla-nyň tutuş çärýekde satanyndan köp ulag satdy

  • 08.05.2025 12:14
  • 2.1k+

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi 2025-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlaryndaky satuw barada maglumatlary hödürledi. Kompaniýa bu döwürde 1,38 mln awtomobil satdy – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,98% köpdür. Diňe aprel aýynda satuw 380 100 ulag boldy we bu geçen ýylyň aprel aýyndakydan 21,33% köpdür.

9-njy aprelde täze Han L we Tang L modelleri satuwa çykdy. BYD Dynasty onlaýn satuw bölümçesiniň baş direktory Lu Týan birinji aýda 10 483 birlikden gowrak Han L we 11 406 birlikden gowrak Tang L modeliniň satylandygyny habar berdi. Modelleriň ikisi-de kompaniýanyň satuwynyň täze liderleri boldy.
Täze ulaglaryň üstünligi döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy, tygşytlylygy we gymmat bolmadyk bahasy bilen baglanyşyklydyr. Modelleriň bahasy 28 700 dollardan başlaýar.
Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Tesla kompaniýasy müşderilere 336 681 awtomobil iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13% azdyr.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......