Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

  • 08.05.2025 10:51
  • 9k+

Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Köşgüň ikinji gatynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary we şol döwre degişli dürli serişdeler görkezilýän sergi ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanda uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet derejesinde hormat-sarpa goýulýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýanydyr. Muny dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Permany esasynda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Bu çäre 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenliginiň hormatlanylyp, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabaralary ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda-da guramaçylykly geçirilýär.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......