Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde Emmanuel Makron bilen gepleşikleri geçirdi

  • 07.05.2025 11:46
  • 12k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

Ýeliseý köşgünde geçirilen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, bu mümkinçilikleri has işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassykladylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda agşamlyk naharynyň başyndaky iş duşuşygy görnüşinde dowam etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynyň” düzgünlerini goldaýandygyny hem-de Ýewropanyň «Global Gateway» ýaly başlangyçlarynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistan häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyna eýedir. Şoňa görä-de, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi biz üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz suwdan peýdalanmagyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu meselä seretmekde halkara hukugyň berjaý edilmegi; ähli sebit döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagy; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagy ýaly üç ýörelgeden ugur alýandygyny aýtdy.
Fransiýanyň iri halkara ekologiýa başlangyçlaryny we onuň syýahatçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy ornuny hasaba almak bilen, bu ulgamlarda bilelikdäki işleri ýola goýmagy maksadalaýyk hasap edýärin. Şu we beýleki ugurlara Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň we Energetika meselesi boýunça iş toparynyň çäklerinde seredilip bilner diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şu ýyl bu toparlaryň nobatdaky mejlislerini geçirmegi teklip etdi.
Arheologiýa ulgamynda 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlyk aýratyn nygtaldy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň çäklerinde üstünlikli gazuw-agtaryş işlerini geçirýän «MAFTUR» türkmen-fransuz arheologik topary döredildi. 2024-nji ýylyň noýabrynda muzeýlerimiziň birinde Türkmen-fransuz arheologik topary tarapyndan bäş müň ýyldan gowrak taryhy bolan gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginde tapylan arheologik tapyndylaryň sergisiniň açylyşy geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we 2027-2028-nji ýyllarda Parižde türkmen topragyndan tapylan, bürünç asyryna degişli arheologik tapyndylaryň sergisini guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Milli Liderimiz şeýle serginiň eýýäm Germaniýada geçirilendigini hem-de onuň 2025-2026-njy ýyllarda Rimde guralmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň täze gyzykly ugurlarynyň biri bolan speleologiýa barada aýdyp, fransuz hünärmenleriniň biodürlüligi öwrenmek we ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, Köýtendagyň dag gerişlerindäki seýrek duş gelýän gowaklara eýýäm iki gezek üstünlikli ekspedisiýany amala aşyrandyklaryny belledi hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de şu we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa bilen Fransiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly anyk teklipleri-de beýan etdi.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Fransiýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Watanymyza dolanyp geldi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......