Dünýäniň iň uly elektrogämisi Awstraliýada suwa goýberildi

  • 04.05.2025 19:52
  • 8.8k+

Awstraliýanyň Hobart şäheriniň portunda öndürijisi tarapyndan dünýäniň iň uly elektrogämisi diýlip atlandyrylýan gämi suwa goýberildi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, gäminiň uzynlygy 130 metr.

Incat kompaniýasy tarapyndan gurlan gämi «Hull 096» diýlip atlandyryldy. Ol Günorta Amerikanyň Buquebus parom operatory tarapyndan taslanyldy we Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres bilen Urugwaýyň arasynda La-Plata derýasy boýunça gatnaw amala aşyrar. Gämi taslamasy boýunça 2100 ýolagçyny gatnadyp, 225 ulag serişdesini daşap bilýär.
«Hull 096» diňe akkumulýatorlardan alynýan elektrik energiýasy bilen işleýär. Olaryň umumy agramy 250 tonna bolup, gurnalan kuwwaty 40 megawatt-sagatdan hem geçýär. Gämi gurluşyk kompaniýasynyň wekilleri «Hull 096» elektrogämisini özleriniň şu wagta çenli amala aşyran iň uly, iň çylşyrymly we iň möhüm taslamasy diýip atlandyrdylar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......