Alymlar geljekki kosmos bazalary üçin balyk fermalaryny işläp taýýarlaýar

  • 03.05.2025 11:11
  • 2.7k+

Fransiýada alymlar sibas balygyny adatdan daşary wezipe üçin taýýarlaýarlar – ol Aýda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji görnüş bolar. «Lunar Hatch» taslamasy geljekki astronawtlary balyk bilen üpjün eder we Aýdaky ýaşaýyş nokatlary üçin ýapyk iýmit zynjyry döretmäge mümkinçilik berer diýip, «The Guardian» ýazýar.

Taslama ýolbaşçylyk edýän alym, Fransiýanyň Milli okeanologiýa institutyndan doktor Sirill Pşibilanyň bellemegine görä, balyk – ýeňil siňýän belok, şeýle-de omega-3 we B witaminlerine baý. Bu maddalar kosmosda, ýagny dartyş güýjüniň ýok ýerinde myşsalaryň massasyny saklamak üçin örän möhümdir. «Lunar Hatch» taslamasynyň esasy maksady – sibasy Aýda ösdürip ýetişdirip bolarmy we ony geljekki astronawtlaryň iýmit režimine goşup bolarmy, şony anyklamak.
Meýilnama görä, tohumlanan sibas ýumurtgalary (ikra) Aýa ugradylar. Olar ýolda wagty ýumurtgadan çykar, sebäbi inkubasiýa döwri uçuş wagtynda gabat gelýär. Ilkibaşda balyklar ýene yzyna getiriler, geljekde bolsa Aýda ösdüriler.
Ulgamyň esasy aýratynlygy – ýapyk aýlawy bolup durýar. Akwariumlar üçin suw Aýdaky buzlardan alnar, galyndylar bolsa mikroorganizmler, krewetkalar we gurçuklar tarapyndan gaýtadan işleniler. Şeýlelikde, daşarky serişdeleriň ulanylyşy gaty azaldylyp, 4-5 aý öz-özüni üpjün edýän ekoulgam dörediler.
Hasaplamalara görä, 7 astronawty 16 hepdäniň dowamynda, hepdede iki gezek balyk bilen üpjün etmek üçin, takmynan, 200 sany sibas gerek. Ýumurtgalaryň uçuş wagtyndaky artykmaç basyşlara we yrgyldylara garşy durnuklylygyny barlamak üçin, alymlar «Soýuz» raketasynyň uçuş şertlerini gaýtalaýan ýerüsti synaglary geçirdiler. Netijeler oňyn boldy – embrionlaryň ösüşine täsir ýetmedi.
Indiki ädim – orbitada doly göwrümli synag geçirmek. Häzirki wagtda topar Fransiýanyň kosmos agentligi CNES bilen NASA-nyň uçuş senesi baradaky çözgüdine garaşýar. Şol bir wagtda, Hytaý hem özüniň orbitadaky stansiýalary üçin, şuňa meňzeş ulgamlary işläp düzýär.
Pşibilanyň nygtamagyna görä, şeýle tehnologiýalar diňe bir Aýy özleşdirmek üçin däl, eýsem Ýer üçin hem möhümdir: ýapyk akwafermalar uzakda ýerleşýän sebitleri iýmit bilen üpjün edip biler we ekologiýanyň durnuklylygyna goşant goşup biler.


düýn 19:32
1.5k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......