Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi

  • 02.05.2025 17:54
  • 24k+

2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Tailanda syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin Tailandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplar güýje girdi. Ozal bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar beripdi.

Indi, syýahaty amala aşyrmazdan öň, saparynyň maksadyna garamazdan, her bir ýolagçy hökmany ýagdaýda onlaýn tertipde sanly migrasiýa kartyny doldurmaly. Degişli elektron formasyny doldurmak üçin şu salga geçmeli.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Tailanda ugraýan öz ýolagçylarynyň ählisini bu amaly soňa goýman, öňünden onlaýn-hasaba alnyşy geçmäge çagyrýar.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......