Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

  • 02.05.2025 16:06
  • 5.8k+

1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahaty we onuň bilen bagly beýleki ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça degişli guramaçylyk işleri geçirilýär. Esasy çäreleriň geçiriljek ýerlerinde dürli sergileri, beýleki medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem wise-premýer Balkan welaýatynda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 31-nji maýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň, 26-njy iýulda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyrlaryny, 2 — 7-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahaty we onuň bilen bagly ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany metbugat wekillerine işlemek üçin gowy şertleri döretmegi, maslahatyň geçýän döwründe meýilleşdirilen medeni çärelere-de gowy taýýarlyk görmegi, medeniýet toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......