Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy

  • 02.05.2025 15:57
  • 9k+

30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli görnüşli süýjüliklerden ybarat sowgatlar gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Dabaralar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde we Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde geçirildi.
Türkmenistanda ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän sogap işleriň rowaçlyklara beslenmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir. Gaznanyň ýardam bermeginde ösüp gelýän ýaş nesillere, ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň kömege mätäç çagalaryna yzygiderli goldawlar berilýär.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......