82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 01.05.2025 12:29
  • 7.9k+

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Sara adamsy aradan çykandan soň, saglygy barada aladalanyp, maşk bilen meşgullanyp başlapdyr. Oňa şahsy tälimçisi Wins ýardam edipdir, olar ýönekeý maşklar bilen başlapdyrlar. Birnäçe wagtdan soň, Blekman planka ýagdaýynda dört minutdan gowrak saklanmagy başarypdyr.
Tälimçi Wins Sara bilen degşip, oňa garaşanyndan has güýçlüdigini aýdypdyr we olar dört minut ýigrimi sekuntlyk rekorddan geçmegi maksat edinipdirler. Winsiň ýolbaşçylygynda Sara usulyny kämilleşdirdi we plankadaky wagtyny kem-kemden artdyrdy.
Sara düzgün-nyzama we içerki motiwasiýasyna daýanyp, tas her gün diýen ýaly maşk edipdir. Ol wagty yzarlamak üçin, Laýonel Riçiniň, takmynan, 4 minut 40 sekuntlyk «Endless Love» (Soňsuz söýgi) aýdymyny diňläpdir.


düýn 20:25
6k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 00:07
4.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......