Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

  • 29.04.2025 11:05
  • 2.4k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler, energetika, ulag-logistika pudaklarynda gatnaşyklary pugtalandyrýarlar. Türkmenistan we Gazagystan ýokary derejedäki netijeli dialogy yzygiderli esasda alyp barýarlar, hökümetara we pudagara hyzmatdaşlygy ösdürýärler.
Galymžan Koýşybaýew Gazagystanyň Türkmenistanyň döredijilikli daşary we içeri syýasatyny, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň transmilli energetika, ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi. Bu başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza doganlyk Gazagystanyň gadymy Türküstan şäherinde bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

28-nji aprelde şeýle hem Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymžan Koýşybaýewiň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň arasynda şu ýylyň aprel aýynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....