Türkmenistanyň ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 27.04.2025 16:32
  • 3.4k+

22-nji aprelde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Ilçi diplomatik işini Er-Riýad şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.
Ilçi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasyna we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.
Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.


düýn 18:54
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......