Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi yglan edildi

  • 26.04.2025 00:14
  • 9.5k+

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maý aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.
Şunuň bilen bir hatarda, geljek aýda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalynyň geçirilmegi hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransuz, italýan we türkmen sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......