15-nji maýdan Aşgabat bilen «Awazanyň» arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar

  • 25.04.2025 23:20
  • 13k+

2025-nji ýylyň 15-nji maýyndan başlap Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň guraýan şäherara awtobus ugry üçin biletleri öňünden – gatnawyň açylmagyna 10 gün galanda satyn alyp bolar. Biletleri «Awtomobil ulag hyzmatynyň» resmi saýtyndan (auh.com.tm) we «Şäherara bilet» ykjam goşundysynda onlaýn görnüşde, şeýle hem Aşgabadyň halkara awtomenzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» söwda merkezinde satyn alyp bolar.
Şäherara awtobus gatnawynyň tertibi we biletleri öňünden sargyt etmek baradaky goşmaça maglumatlary (+993 12) 44-35-30/31 we 44-35-20 telefon belgileri boýunça jaň edip, maglumat gullugyndan alyp bolar.


22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

08.06.2026 09:43
4.6k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

15.04.2026 08:15
1.4k+

Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär

Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni......

14.04.2026 14:24
1.6k+

Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» halkara sergisi açyldy

Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna gutlag hatyny ýollady....