Alymlar kebelekleriň täze gizlin görnüşini tapdylar. Olar 40 müň ýyl bäri kowumdaşlaryndan gaça durýarlar

  • 24.04.2025 11:35
  • 4.6k+

Kanadanyň günorta-günbataryndaky Alberta welaýatynyň Uoterton-Leýks milli seýilgähinde kebelekleriň aýrybaşgalaşan topary tapyldy. Olar täze görnüş - Satyrium curiosolus hökmünde ykrar edildi.

Alberta uniwersitetiniň Kristian Şmidtiň we Jon Spensiň ýolbaşçylygyndaky entomologlary ilki bu kebelekleri Satyrium semiluna görnüşine degişli edipdiler. Emma genetiki derňew olaryň 40 müň ýyl töweregi ozal kowumdaşlaryndan aýrybaşgalaşandygyny we şondan bäri beýleki populýasiýa bilen aragatnaşyk saklamaýandygyny görkezdi.
Iki görnüşiň arasynda iýmitlenişde düýpli tapawutlar bar: S. curiosolus kümüşsöw lýupinli (Lupinus argenteus) bilen düzlükleri halaýar, S. semiluna bolsa ýüpek lupinli (Lupinus sericeus) sähralyklarda ýaşaýar.
S.curiosolus populýasiýasy 500 töweregi baş bolup, genetiki dürlüligi pesdir, bu bolsa görnüşi aşa ejiz edýär.
Açyşyň netijeleri ZooKeys žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....