Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämileriniň biri bolan Disney Adventure-niň gurluşygy tamamlanýar

  • 23.04.2025 00:30
  • 8.9k+

Germaniýanyň Wismar şäherinde Disney Adventure kruiz gämisi angardan çykaryldy. Bu dünýäde iň uly kruiz gämileriniň biridir: onuň uzynlygy – 342 metr, ini – 46 metr. Häzir ahyrky işler, şol sanda tüsse turbalarynyň we attraksionlaryň gurnalmagy dowam edýär diýip, BILD ýazýar.

Taslama birnäçe milliard ýewro bilen bahalandyrylýar. Gämi 6700 ýolagça we 2500 ekipaž agzasyna niýetlenendir. Bortda ýedi tematiki zolak, şol sanda akwapark, suw perisi Ariel bilen restoran we deňizde iň uzyn demirýol depejigi (roller coaster) bolan seýilgäh bolar. Gäminiň burnuny Mikki Mausyň şekili bezär.
Işler tamamlanandan soň, gämi Singapura – geljekki öý portuna ugrar. Ýolagçyly ilkinji gatnaw dekabr aýyna meýilleşdirilýär.
Ýolagçylara 18 000 ýewro 165 inedördül metr meýdanly kaşaň otaglar, şeýle-de üç gije üçin 1100 ýewro ýaly arzan otaglar hem hödürlener.
Häzir Wismarda täze gäminiň duran porty boýunça ekskursiýa geçirilýär. Gämä ýakynlaşmaga rugsat berilmeýär, ýöne 20 ýewro syn ediş ekskursiýasy bilen ägirt gämini uzakdan görmek bolýar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......