Özbegistan bäşýyllyk “altyn wizalary” girizýär. Bahasy 200 müň dollar

  • 21.04.2025 18:41
  • 15k+

1-nji iýundan başlap Özbegistanda daşary ýurtlular we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin bäşýyllyk ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almagyň ýönekeýleşdirilen tertibi hereket edip başlar. Degişli tertibi girizmek baradaky permana 18-nji aprelde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi diýip, ýurduň Adalat ministrligi habar berdi.

Resminamany almak üçin arza berýän adam ABŞ-nyň 200 müň dollaryny tölemeli. Şeýle-de, maşgalanyň her bir agzasy – adamsy ýa-da aýaly, çagalary we ene-atasy üçin goşmaça 100 müň dollar gerek.
Ygtyýarnama daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini we Özbegistanda hemişelik ýaşamak üçin rugsady tassyklaýar.

Häzirki günde ýurtda ýaşaýyş üçin rugsatnamany şu adamlar alyp bilýär:

  • Özbegistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtlular we raýatlygy bolmadyk adamlar, 16 ýaşyna ýetende;
  • Hemişelik ýaşamaga rugsat alan, şol sanda yzyna gaýdyp gelen we indi Özbegistanyň raýaty däl adamlar;
  • Ýörite sanawa giren ýurtlaryň raýatlary gozgalmaýan emläk satyn alan ýagdaýynda:
    • Daşkentde we Daşkent welaýatynda – 300 müň dollara;
    • Samarkant, Buhara, Namangan, Andižan, Fergan we Horezm welaýatlarynda – 200 müň dollara;
    • Garagalpagystanda we beýleki sebitlerde – 100 müň dollara;
    • Özbegistanda hemişelik ýaşaýan, ýöne ýurduň raýatlygy bolmadyk ýa-da ýitiren adamlar.

Belläp geçsek, daşary ýurtly raýatlara ýurduň ykdysadyýetine ep-esli maýa goýumlaryň deregine ýaşamak üçin ygtyýarnama berýän maksatnamalar Portugaliýa, Ispaniýa we BAE ýaly ýurtlarda hem hereket edýär. Olar maýa goýumlary we barly daşary ýurt maýadarlaryny ýurda çekmek maksady bilen girizilýär. 


düýn 23:15
3.3k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....