Ilkinji gezek 40 alym zenanyň ady Eýfel diňinde ebedileşdiriler

  • 20.04.2025 21:51
  • 3.2k+

Eýfel diňinde ilkinji gezek 40 alym zenanyň adyny oýup ýazmak meýilleşdirilýär. Mundan öň ýadygärlikde hormat bilen ýatlananlar diňe erkeklerdi. Parižiň häkimi Ann Idalgo, SETE kompaniýasy we Femmes & Sciences assosiasiýasy bu başlangyjy goldady.

Diň 1889-njy ýylda guruldy. Onuň ikinji hatarynda altyn harplar bilen ylma goşant goşan 72 erkek adamyň ady oýulyp ýazyldy. Olaryň arasynda zenanlar ýok. Bu kemçiligi düzetmek üçin, Parižiň häkimiýeti görnükli zenan alymlaryň adyny goşmak kararyna geldi.
Munuň üçin diňiň taryhy keşbine zyýan ýetirmezden, muny nähili etmelidigini kesgitlejek ylmy komitet döredildi. Oňa döwlet işgärleri, miras boýunça hünärmenler, taryhçylar, alymlar we aktiwistler girdi. Şeýle-de, komitet dalaşgärleri saýlap, ýazgylaryň ýadygärligiň arhitekturasy bilen sazlaşmagy we Gýustaw Eýfeliň düşünjesine laýyk gelmegi üçin tehniki çözgüdi hödürlär.
Fransuz KHBS-iniň maglumatlaryna görä, diňde 40 zenanyň ady peýda bolar. Bu hem olaryň ylma goşandyny ykrar etmäge tarap ädim we taryhy adalatlylygyň nyşany bolar. 


düýn 23:47
1.3k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

25.06.2026 19:11
6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......