Dünýäde ilkinji metalsyz batareýa hödürlendi: ol 30 ýyl işleýär we galyndylardan ýasaldy

  • 17.04.2025 11:49
  • 3.6k+

SorbiForce amerikan kompaniýasy dünýäde ilkinji metalsyz batareýany hödürledi. Bu batareýa oba hojalygyndaky galyndylardan we duzlardan ýasalypdyr. Ol 30 ýyldan köp wagt işläp bilýär, ot almaýar, hatda zeper ýetse-de howpsuz we ony doly gaýtadan işläp bolýar diýip, «Sustainability Times» habar berýär.

Batareýa doly zarýadlanmak we doly zarýaddan boşamak aýlawyny 5000 gezek ýerine ýetirip bilýär we bu sany 10 müňe çenli artdyryp hem bolýar. Onuň bahasy litiý-ion batareýalar bilen deňeşdirilende 1,8 esse arzan. Bu bolsa ony gün we ýel elektrik stansiýalarynda, zarýad stansiýalarynda we uzak ýerlerde ýerleşýän desgalarda ulanmak üçin amatly edýär.
Energiýanyň dykyzlygy 35 Wt⋅sag/kg (bu elektrokarlar üçin gowy däl) bolsa-da, 700 kWt⋅sag kuwwatly 20 tonnalyk ýekeje konteýner 1 MWt-a çenli energiýa berip biler. SorbiForce ýaşyl energiýanyň täze eýýamyny açýar: zäherli maddasyz, partlamasyz we doly gaýtadan işläp bolýan tehnologiýa.
2024-nji ýylda bu startap 38 ýurtdaky maýadarlardan 340 müň dollar maýa goýum çekdi. Bu serişdeler sertifikatlaşdyryş we kämilleşdiriş işleri üçin ulanylar. Täze tehnologiýa energiýa saklaýjy bazary üýtgedip, litiýe we kobalta bolan garaşlylygy peseldip biler.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......