Iň gadymy arz-şikaýatyna 4 müň ýyl: gaharly alyjy arzyny palçyk tagtasynda ebedileşdiripdir

  • 15.04.2025 00:01
  • 9.4k+

B.e.öň 1750-nji ýylda Mesopotamiýanyň ýaşaýjysy tarapyndan hili pes haryt üçin ýazylan şikaýat arzasy taryhda iň gadymylaryň biri hasaplanýar. Onuň awtory Nanni söwdagär Ea-nasirden satyn alan mis tokgalarynyň hilinden nägile bolupdyr. Bu artefakt barada giňişleýin makala bilen ScienceAlert neşiri paýlaşdy.

Öz nägileligini Nanni 11,6 x 5 sm ululykdaky palçykdan ýasalan tablisada galdyrdy. Şikaýatyň teksti tablisanyň iki tarapyna-da ýazylypdyr. Akkad dilinden terjime Adolf Leo Oppengeým tarapyndan edildi. Ol 1967-nji ýylda ony özüniň “Mesopotamiýadan hatlar” kitabynda neşir etdi.
Görnüşi ýaly, Nanni haryt üçin öňünden tölän bolsa gerek. Harydy alanda bolsa ony mis tokgalarynyň hili lapykeç eden bolmaly. Ol birnäçe gezek söwdagäre öz adamlaryny iberip, puluny yzyna gaýtaryp bermegi talap edýär, ýöne bu netije bermeýär. Nanniniň aýtmagyna görä, söwdagär ilçiler bilen gödek gürleşip, olaryň özüni gödeklikde aýyplapdyr. Alyjy indi mis tokgalaryny diňe öz howlusynda barlajakdygyny aýtdy. Dawanyň nähili çözülendigi belli däl.
Gyzykly ýeri, bu tablisa Ea-nasiriň öýünde tapyldy. Ol ýerde başga müşderileriň hem arzalary bardy – söwdagär olaryň ählisini saklap galan bolmaly. Ýöne Nanniniň nägileligi, ähtimal, iň ýitisi we iň irkisi bolsa gerek. 


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......