Apple iň gymmat kompaniýa adyny gaýdyp aldy, Maskyň baýlygy bolsa bir günde 36 mlrd dollar artdy

  • 11.04.2025 16:13
  • 5.9k+

9-njy aprelde Apple kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 15% ýokarlandy – bu 1998-nji ýyldan bäri iň uly bir günlük ösüş boldy. Muňa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Wýetnam, Hindistan we Tailand ýaly Apple kompaniýasynyň önümçilik desgalarynyň ýerleşýän 75-den gowrak ýurduna gümrük paçlarynyň girizilmegini 90 gün yza süýşürmek baradaky karary sebäp boldy diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär.

Şol bir wagtda Tramp Hytaýdan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 125%-e çenli ýokarlandyrdy – bu bolsa Apple kompaniýasynyň iPhone we beýleki enjamlarynyň ep-esli böleginiň önümçiliginiň saklanyp galýan ýurdudyr.
Apple kompaniýasynyň umumy bazar gymmaty 400 milliard dollar ýokarlanyp, tas 3 trillion dollara ýetdi. Kompaniýa ýene-de Microsoft-y geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Şeýle-de bolsa, bu ösüş 3-nji aprelde nyrhlaryň ýokarlandyryljakdygy barada berlen beýanatdan soň başlan peselmäniň öwezini dolmady. Häzirki wagtda Apple-yň paýnamalarynyň bahasy geçen aý bilen deňeşdirilende, takmynan, 17% pes.
Bazarlaryň umumy oňyn reaksiýasy netijesinde, Bloomberg Billionaires Index reýtingine gatnaşyjylaryň baýlygy bir günde 304 milliard dollar ýokarlandy. Bu bolsa indeks döredileli bäri, iň uly bir günlük ösüş boldy.
Gazna bazarynyň taryhyndaky iň güýçli bir günlük ösüşleriň biri hökmünde S&P 500 indeksi 10,5% ýokarlandy. Geçen hepde bolup geçen peseliş wagty asudalygyny saklap, şol peselişde paýnama satyn alan ownuk maýa goýujylar ajaýyp girdeji gazandylar.
Bu ösüşden iň köp girdeji gazanan Ilon Mask boldy – onuň baýlygy 36 milliard dollar ýokarlandy. Ondan soň Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg (+26 milliard dollar) we Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huan (+15,5 milliard dollar) gelýär. Şeýle-de bolsa, iň baý 10 milliarderiň köpüsiniň baýlygy entek-de geçen hepde nyrhlaryň girizilmezinden öňki derejesine dolanyp bilenok.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

03.05.2026 16:10
2.9k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......