Colossal Biosciences startapy 10 müň ýyl ozal ýitip giden aýylganç möjekleri “dikeltdi”

  • 09.04.2025 10:46
  • 6.1k+

Amerikanyň Colossal Biosciences biotehnologiýa startapy Demirgazyk Amerikada ýaşap geçen we 10 müň ýyl mundan ozal ýok bolup giden aýylganç möjegi (Aenocyon dirus) bölekleýin dikeldendigini mälim etdi.

Time neşiriniň habar bermegine görä, alymlar ABŞ-nyň muzeýlerinde saklanýan aýylganç möjekleriň galyndylaryndan DNK-ny bölüp almagy başardylar. Soňra haýwana ýok bolup giden görnüşiň alamatlaryny bermek üçin häzirki zaman çal möjeginiň (Canis lupus) 14 genine 20 üýtgeşme (daýaw beden gurluşy, uly äňler, iri dişler we ak sütük) girizdiler.
Üýtgedilen öýjükler öý itleriniň erkeklik jyns öýjüklerine ýerleşdirildi. Emeli ene bolanlar hem - itler.
Netijede üç sany sagdynja güjük - iki sany köpek (häzir olar alty aýlyk) we bir urkaçy güjük (ol üç aýlyk) dünýä indi. Köpek güjüklere Rimiň möjek süýdüni içip ulalan meşhur esaslandyryjylarynyň hormatyna Romul we Rem diýen atlar goýuldy, urkaçy güjüge bolsa bolsa “Tagt oýunlarynyň” gahrymanynyň hatyrasyna Khalisi diýlip atlandyryldy. Ýeri gelende aýtsak, Jorj Martiniň kitaplaryndaky aýylganç möjekler hakyky durmuşdaky gorkunç möjekleriň käbir häsiýetlerine eýedir.

Colossal Biosciences güjükleriň ýok bolup giden möjegiň takyk nusgasy däldigini, diňe olaryň käbir häsiýetlerine eýedigini nygtaýar. Başlangyç entek synag barada başga anyk maglumat bermedi. Barlag ylmy metbugatda ýa-da deslapky serwerlerde çap edilmedi.
Ondan öň Colossal Biosciences-iň alymlary müňlerçe ýyl ozal ýok bolup giden hakyky mamontlaryň sütükleri bilen genetiki taýdan üýtgedilen syçanlary döretdiler. Barlagçylar bu üýtgeşmäniň gemrijileri sowuga çydamly edendigini habar berdiler.



düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......