Emeli adam derisi kosmetikanyň haýwanlardaky synagyndan ýüz öwürmäge mümkinçilik berer

  • 09.04.2025 10:33
  • 2.6k+

Halkara alymlar topary janly öýjüklerden deriniň emeli 3D modelini döretdi – ol 3D printerde çap edildi. Bu işläp taýýarlama kosmetika serişdeleriniň haýwanlarda synag edilmeginiň başgaça ýoly bolup biler.

Ýewropa Bileleşiginiň kanunlary etiki sebäplere görä kosmetika serişdeleriniň haýwanlarda tejribe synaglaryny berk çäklendirýär. Şonuň üçin hünärmenler täze çözgüt hödürleýär. Olar tarapyndan döredilen deri üç gatlakdan ybarat bolan hakyky adam derisiniň gurluşyny we funksiýalaryny doly gaýtalaýar. Munuň üçin ylmy gözlegçiler gidrogeliň esasynda ýörite düzümi – janly öýjükler bilen garylan we soňra çap edilen materialy ulandy.
Graz tehnika uniwersitetiniň (TU Graz) Himiýa we bioulgamlar tehnologiýasy institutyndan professor Karrin Stana Klaýnşekiň aýtmagyna görä, gidrogel bu prosesde esasy rol oýnap, amatly gurşawy döredýär, ol diňe bir öýjükleriň ýaşaýşa ukyplylygyny goldaman, eýsem olaryň ösmegine we köpelmegine ýardam edýär.
Şeýle-de bolsa, suwuň düzüminiň ýokarydygy sebäpli material durnuksyz bolup galýar. Şonuň üçin alymlar materialyň gurluşyny berkitmek we öýjüklere zeper ýetirmezlik üçin “sepleme” diýlip atlandyrylýan mehaniki we himiki gaýtadan işlemeleri ulanýar. Haçan-da öýjükler 2-3 hepdäniň dowamynda dokumany emele getirende, deri “ýetişdi” hasap edilýär. Diňe şondan soň ony synaglar üçin ulanmak bolýar.
Professor Klaýnşek ilkinji synaglaryň materialyň durnuklylygyny we howpsuzdygyny görkezendigini belledi.
Indiki tapgyr bu 3D modelini ulanyp, kosmetikanyň düzümindäki nanobölejikleriň täsirini barlamakdan ybarat. 


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......