Dünýägözel Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň maslahatynda çykyş etdi

  • 07.04.2025 11:49
  • 14k+

6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň “Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketi” atly maslahatyna gatnaşdylar. Bu maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş etdi diýip, milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahatyň dowamynda D.Gulmanowa Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketini ara alyp maslahatlaşmaga, netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem Parlamentara gatnaşyklaryň dünýa döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga ýardam edýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgesinden ugur alnyp, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adam saglygyny goramak, täze iş orunlaryny döretmek, gender deňligini üpjün etmek, ykdysadyýetiň ugurlaryny sanlylaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtady.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Bileleşigiň wekillerini 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......