Serdar Berdimuhamedow ýanwar-mart aýlarynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi

  • 06.04.2025 23:43
  • 11k+

5-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar –– mart aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigi barada aýdyldy. Ýurtda iri desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary dowam edýär.
Serdar Berdimuhamedow 7-nji aprelde ýurtda Bütindünýä saglyk gününiň giňden belleniljekdigini aýtdy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sportuň möhüm ähmiýetini nygtady.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......