Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler

  • 06.04.2025 23:35
  • 1.7k+

16-njy aprelde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu çäre BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” boýunça Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, “Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri” şygary astynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçiriler.
Ilkinji gezek 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde başy başlanan bu başlangyç, sebitleýin howpsuzlyk meseleleri we ýaşlaryň parahatçylyk syýasatyna goşulyşmagy boýunça pikir alyşmak hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança öwrülýär.
Çäräniň iş dili hökmünde iňlis dili saýlanyldy.
Forumyň esasy maksatlarynyň hatarynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” baradaky Kararnamasynyň ilkinji onýyllygynyň jemlerini jemlemek, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň özara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Dialogyň işiniň binýatlyk guralyşyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitiň durnukly ösüşine ýardam berjek bilelikdäki taslamalary işläp düzmek wezipeleri bar.

Parahatçylyk medeniýetini emele getirmekde bilimiň orny, sebitdäki ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda ynamy berkitmek, Durnukly ösüş nukdaýnazaryndan jemgyýetçilik innowasiýalary meseleleri duşuşygyň gün tertibinde öz beýanyny tapar.
Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň, BMG-niň degişli agentlikleriniň bilermenleriniň, şeýle hem ýaşlar başlangyçlaryny goldaýan halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça ýaşlar hyzmatdaşlygynyň toruny giňeltmek, täze bilelikdäki başlangyçlary ýola goýmak hem-de Dialogyň institusional taýdan berkidilmegi, şol sanda onuň sebit ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmeginiň meýilnamasyny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.


şu gün 16:30
393

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
620

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......