Wenadaky futbol meýdançasy Gadymy Rim döwrüne degişli söweş meýdany bolup çykdy

  • 06.04.2025 22:22
  • 8.3k+

Wenadaky futbol meýdançasy Rim imperiýasy döwründe uly söweşiň geçen ýeri bolup çykdy diýip, The Independent ýazýar.

Abatlaýyş işleri wagtynda  işçiler tötänden imperator Domisianyň (b.e. 86–96-njy ýyllary) Dunaý ýörişlerine degişli 129-150 esgeriň köpçülikleýin jaýlanan mazarynyň üstünden bardylar. Wena muzeýiniň hünärmenleriniň pikirine görä, bu ýer nemes taýpalarynyň gatnaşmagynda bolup geçen gazaply söweşiň subutnamasydyr.
Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy Mihaela Binder Rim esgerleriniň şeýle uly mazarlygynyň ozal tapylmandygyny belleýär.


III asyra çenli rim esgerleriniň jesetleri, köplenç, ýakylypdyr, ýöne bu ýerde muňa  wagt bolmadyk bolara çemeli. Heläk bolanlaryň hemmesinde söweşde alnanlara mahsus şikesler bar. Galyndylaryň hemmesi 20-30 ýaş aralygyndaky erkeklere degişlidir. Olaryň ölümi biziň eýýamymyzyň 80-130-njy ýyllaryna degişlidir. Muny gabyrdan tapylan söweş esbaplary, tuwulgalar, hanjar we rimiň “kalig” aýakgabynyň çüýleri tassyklady.
Barlaglar dowam edýär. Şu wagta çenli ölenleriň diňe biriniň rim esgeri bolandygy anyklandy. Alymlar DNK derňewiniň beýleki söweşijileri kesgitlemäge kömek etjekdigine umyt edýärler.


19.06.2026 19:49
4k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.7k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......