Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Daşkentde geçirilen Zenan parlimentarileriň forumyna gatnaşdy

  • 06.04.2025 18:23
  • 5k+

5-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň başlygy B.Myradowa Daşkentde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde guralan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen tarapy forumyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek, ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak we olary goldamak  babatda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada belledi. 
Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021–2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylýan netijeler barada nygtady.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......