Saglygyňyz boýunça şahsy maslahatçy: Apple Health goşundysy EA goldawy bilen täzelenýär

  • 05.04.2025 13:07
  • 1.6k+

Apple kompaniýasy «Mulberry» kod ady bilen Health (Saglyk) goşundysynyň täze görnüşiniň üstünde işleýär. Bu goşundy saglyk we iýmit maglumatlaryny derňemek üçin emeli aňdan peýdalanýar diýip, «9to5mac» portaly ýazýar.

Emeli aň agentini türgenleşdirmek üçin kompaniýa lukmançylyk boýunça hünärmenleri işe kabul edýär. Programma üpjünçiligi Apple Health goşundysynda bar bolan we täzeleme wagtyna çenli ýygnanan ähli ulanyjy maglumatlaryny seljerer. Eger-de Apple Watch ulanylýan bolsa, maglumatlaryň möçberi, elbetde, has köpräk bolar. Şol maglumatlaryň esasynda bolsa, emeli aň agenti maslahatlary berer.
Esasy aýratynlyklaryň biri hem iýmitlenişi yzarlamak bolar. Ýöne bu ulgamyň işlemegi üçin, ähtimal, ulanyjylaryň iýýän iýmitleriniň gündeligini el bilen doldurmaly bolarlar.
Täzelenen Apple Health iOS 19.4 bilen bilelikde çykarylar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......