Alymlar gadymy gowak suratlarynyň döredilmeginde çagalaryň möhüm ornuny belleýärler

  • 04.04.2025 22:26
  • 4.7k+

Tel-Awiw uniwersitetiniň barlagçylary çagalaryň gadymy gaýa suratlarynyň döredilmeginde möhüm orun eýeläp biljekdigini çaklaýarlar. Alymlar munuň diňe bir öwrenmeklik bilen bagly bolman, eýsem çagalaryň gaýry dünýä bilen aragatnaşyk saklamak ukybyna bolan ynam bilen hem baglanyşyklydygyna ynanýarlar.

Arheologlar Ella Assaf, Ýafit Kedar we Ran Barkaýa tarapyndan geçirilen barlag Arts žurnalynda çap edildi, onuň esasy netijelerini Phys.org beýan edýär.
Geçelgeleriniň darlygy we kislorod ýetmezçiligi sebäpli barmasy kyn gowaklardan tapylan suratlar arheologlary şeýle netijä getirdi. Muňa garamazdan, gadymy adamlar ol ýere çagalary alyp gidipdirler.
Şeýle gaýa suratlarynyň ýaşy 40–12 müň ýyl diýlip çaklanylýar.
Alymlar suratlaryň gapdalynda 2–12 ýaş aralygyndaky çagalaryň el we aýak yzlarynyň saklanyp galandygyny bellediler. Ondan öň olaryň gatnaşmagy öwrenmek häsiýetlidir, ýagny şeýdip olara bilim we däp-dessurlar geçirilendir diýip hasaplanýardy. Emma ysraýylly barlagçylar gadymy adamlar çagalaryň gaýry  dünýäniň güýçleri bilen täsirleşip biljekdigine ynanypdyrlar diýip çaklaýarlar, olaryň göz öňüne getirişine görä, beýle mümkinçilik gowaklaryň jümmüşinde bolupdyr.
Gowaklar awçy-ýygnaýjylaryň medeniýetleriniň köpüsinde ýerasty dünýä açylýan derweze hökmünde kabul edilipdir. Çagalaryň dünýäleriň serhedinde durmak bilen, gaýry jandarlar bilen aragatnaşyk saklap biljekdigine ynanypdyrlar.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....